Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütin dünýä Mandelany hatyralaýar


Nelson Mandela
Nelson Mandela
Bütin dünýäde syýasy liderler, meşhur ýyldyzlar we adaty adamlar Nelson Mandelanyň hatyrasyny tutdular. Demokratiýanyň simwolyna öwrülen Mandela 95 ýaşynda aradan çykdy.

Günorta Afrikanyň prezidenti Ýakob Zuma Nelson Mandelanyň penşenbe güni giçlik Ýohannesburgdaky öýünde, öz maşgala agzalarynyň arasynda rahatlykda jan berendigini aýtdy.

Dünýäniň dürli künjeklerinden Mandelanyň ölümi bilen bagly gynanç hatlary gelip başlady.

Prezident Barak Obama Mandelanyň hatyrasyna ABŞ-nyň Ak tamyň öňündäki baýdagynyň ýarym dereje aşak düşürilmegini tabşyrdy.

"Iň möhüm şahsyýet"

Ýewropa liderleri, Russiýa, Hytaýyň prezidenti Si Jinping, Dalaý Lama we beýleki meşhur adamlar beýanat ýaýradyp, Mandelany 20-nji asyryň iň möhüm şahsyýetleriniň biri hökmünde häsiýetlendirdiler.

Mandela ençeme aý öýken infeksiýasyndan ejir çekenden soň ýogaldy.

Mandelanyň ölümini yglan edip, Günorta Afrikanyň prezidenti Zuma şeýle diýdi: “Biziň halkymyz özüniň beýik oglundan jyda düşdi. Bu günüň iru-giç geljekdigini her kim bilse-de, ýitginiň, hasratyň öwezini dolup biljek zat ýok”.

Günorta Afrikada Mandelanyň aradan çykmagy bilen, ençeme gün matam yglan edilmegine garaşylýar.

Bütin dünýä Mandelany hatyralaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:35 0:00

Ilkinji gara prezident

Günorta Afrikany azlykdaky aklaryň dolandyrmagyndan demokratiki döwlet gurluşyna getirmegi başaran Mandela ömrüniň 27 ýylyny tussaglykda geçiripdi. 1990-njy ýylda azat edilenden soňra Mandela 1994-nji ýylda Günorta Arikanyň ilkinji garaýagyz we adalatly ses berişligiň esasynda saýlanan ilkinji demokrtiki prezidenti boldy.

Şeýle-de Mandela ýurduň graždanlyk urşuna uçramagynyň öňüni almagy başardy. 1994-nji ýylda Mandela we Günorta Afrikanyň prezidenti F.W. de Klerke ýurtda aparteid režiminiň soňlanmagy ugrundaky eden tagallalary üçin Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berlipdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama dünýä “iň täsirli, mert we çuňňur gowy adamy ýtitirdi” diýdi. Obama: “Biz Mandela ýaly şahsyýetleri indi görmän bileris. Diýmek, biziň borjumyz onuň galdyran göreldesini, ýagny kararlaryň ýigrenç bilen däl-de, söýgi bilen kabul edilmelidigini, her bir adamyň möhümdiligini äsgermezçilik etmeli däldigini [ýatda saklap], öz janyňy pida etmäge mynasyp geljek ugrunda göreşi dowam etdirmekdir. Häzir, geliň, dymyp, Nelson Mandela ýaly adamlaryň [biziň bilen bir döwürde] ýaşandygyna minnetdar bolalyň. Ol taryhy özgerdip, ony ahlak kadalarynyň esasynda adalaty gurluşa ugrukdyrdy”.

Russiýanyň prezidenti Nelson Mandelany “häzirki döwrüň iň beýik syýasatçylarynyň biri” diýip häsiýetlendirdi.

Britaniýanyň korolewasy Ýelizaweta Mandelanyň ölüm habaryny eşidip, “çuňňur gaýga batandygyny” aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Mandelany “adalatyň läheňi” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG