Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangui: Müňlerçe adam zorlukdan gaçýar


Merkezi Afrika Respublikasynda müňlerçe adam ýurtda dowam edýän zorluklardan gaçyp gutulmak üçin paýtagt Banguiniň aeroportunda jemlendi. Ýurtda musulman we hristian toparlaryň arasynda dowam edýän konflikt sebäpli Fransiýanyň harbylary Banguiniň aeroportunda ýerleşdirildi.

Penşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Merkezi Afrika Respublikasynda zorlugy bes etmek maksady bilen afrikan we fransuz goşunlaryna güýç ulanmaga ygtyýarlyk berdi.

Fransiýanyň öňki koloniýasy bolan bu ýurtda BMG tarapyndan iberilýän 1 200 adamlyk goşunyň ýerleşdirilmegine garaşylýar. “Gyzyl haj” guramasy Banguide dowam edýän zorluklar zerarly soňky günlerde azyndan 281 adamyň wepat bolandygyny habar berdi.

Ýurtdaky zorluklar “Seleka” atly musulman toparynyň gozgalaňçylary hökümeti agdarandan soň başlanypdy.
XS
SM
MD
LG