2014-nji ýylda Braziliýada geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda komandalaryň ýaryş tertibi kesgitlendi. Anna güni yglan edilen plana görä, Orsýet “H” ýagny iň gowşak toparda görkezilýär we onuň Belgiýa, Alžir hem Günorta Koreýa bilen ýaryşmalydygy aýdylýar.
Şol bir wagtda-da, Eýran we Bosniýa-Gersegowina has güýçli “F” toparyna girdi. Bu ýurtlar bir-biri we adatça güýçli hasaplanýan Argentina hem Afrikanyň çempiony Nigeriýa bilen ýaryşmaly bolarlar.
Horwatiýa “A” toparynyň düzüminde bäş gezek dünýäniň çempiony bolan Braziliýa bilen ýaryşar. Şeýle-de, bu topara Kamerun hem Meksika girýär.
“B” toparynda Gollandiýa, Ispaniýa, Çili, Awstraliýa ýaryşarlar. “Ç” toparynda Gresiýa, Şir maýa Kenary, Kolumbiýa, Ýaponiýa, “D” toparynda Angliýa, Italiýa, Urugwaý, Kosta Rika, “E” toparynda Fransiýa, Şweýsariýa, Ekwador we Gonduras we “G” toparynda Portugaliýa, Germaniýa, ABŞ we Gana ýaryşarlar.
2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda başlanjak futbol boýunça Dünýä çempionaty Braziliýanyň 12 stadionynda geçiriler.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!