Günorta Koreýa özüniň howadan goranyş zonasyny ýaýbaňlandyrýandygyny ýekşenbe güni yglan etdi.
Günorta Koreýanyň goranmak ministriniň sözlerine görä, ýurduň öz goranmak giňişligini ýaýbaňlandyrmagy we onuň düzümine ýurduň günortasyndaki iki aýlagy hem Pekin tarapyndan talap edilýän dagy almagy bilen bagly pozisiýasy degişli ýurtlara doly düşündirilipdir. Günorta Koreýa bu hereketiniň goňşy döwletleriň garaşsyzlygyna zeper ýetirmeýändigini belledi.
Seul howadan goranyş zonasynyň täze çäkleriniň 15-nji dekabrda güýje girýändigini aýtdy.
Geçen aýda Pekin Hytaý deňziniň gündogar böleginde howadan goranyş zonasyny döredýändigini yglan etdi we bu ýerde uçýan uçarlaryň özleri barada öňünden habar bermegini talap etdi.
Bu mesele ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Bideniň ýakynda Ýaponiýa, Hytaýa we Günorta Koreýa eden saparynyň esasy temasy boldy. Emma onuň Hytaýyň prezidenti Hi Jinping bilen geçiren gepleşiklerinde öňegidişlik bolmady.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!