Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Ýüzlerçe müň adam proteste çykdy


Ukrainanyň paýtagtynyň Garaşsyzlyk meýdançasy, 8-nji dekabr, 2013.
Ukrainanyň paýtagtynyň Garaşsyzlyk meýdançasy, 8-nji dekabr, 2013.
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde güýçli protestler geçirilýär. Demonstrasiýa birnäçe ýüz müň adamyň gatnaşýandygy barada habar berilýär.

Munuň öňüsyrasynda oppozisiýanyň liderleri ýurduň raýatlaryny ýekşenbe güni paýtagtda jemlenmäge we prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen bileleşmekden ýüz öwürmek kararyna protest bildirmäge çagyrdylar.

Kiýewde geçen ýekşenbe güni geçirilen protest aksiýasyna 300 müň protestçi gatnaşyp, aksiýa 2004-nji ýylda Ukrainada bolan rewolýusiýadan bäri iň uly protest çykyşy bolupdy.

Protestçilere goldaw

Şenbe güni Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili Kiýewde jemlenen 20 müňe golaý protestçilere ýüzlenip, olary Ukrainany Ýewropa bilen ýakynlaşdyrmak üçin demonstrasiýalary dowam etdirmäge ündedi: “Men ukrainaly, men gürjüstanly we men ýewropaly. Men günleriň birinde Ukrainanyň üstünlikli ýurt boljagyny, Ýewropa maşgalasyna aralaşan azat, demokratik we abadançylykly Gündogar Ýewropa ýurdy boljakdygyny bilipdim. Şu gün men özümiň dogry pikirde bolandygymy görýärin. Ukraina muny amala aşyrmaga ukyplydyr, biz muny bilelikde ederis ”.

Moldowanyň öňki premýer-ministri Wlad Filat şenbe güni AÝ/AR bilen söhbetdeş boldy. Filat Ukrainadaky häzirki ýagdaýyň örän dartgynlydygyny, emma dialog üçin wagtyň gelendigini belledi: “Häzirki wagtda iň möhüm zat Ukrainanyň raýatlarynyň erk-isleglerine hormat goýmakdyr. Olar Ýewropanyň gymmatlyklaryna esaslanýan isleglerini açyk mälim etdiler. Ukrainanyň Ýewropa blen integrasiýa prosesine tarap gadam basmagynyň Moldowa üçin örän uly ähmiýeti bar, sebäbi biz öz raýatlarymyzyň durmuşyny bilelkde gowulandyryp bileris. Şu sebäpden biz Ukrainanyň Ýewropa bilen integrasiýa prosesine raýdaşlyk bildirýäris we bildireris”.

Integrasiýa prosesi

Moldowa we Gürjüstan Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekdirler. Ukrainanyň bu ylalaşyga noýabr aýyň aýagynda ÝB-niň Wilnýusda geçirilen sammitinde gol çekmegine garaşylypdy. Emma Ýanukowiçiň ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmegi Ukrainanyň ÝB bilen ýakynlaşmak prosesini yza tesdirdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Moskwa we Kiýew iki ýurduň prezidentleriniň geçen anna güni Soçide geçirilen duşuşygynda Ukrainanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine goşulmak meselesiniň maslahat edilendigini ret etdiler.

Putiniň metbugat wekili gepleşiklerde “energiýa ugrundaky hyzmatdaşlyga” üns berilendigini aýtdy.

Ukrainanyň oppozision lideri Arseniý Ýatsenýuk Gümrük bileleşigini “Sowet Soýuzynyň täze bir görnüşi” diýip atlandyrdy.

Kiýewde geçýän protestlerde demonstrantlar hökümetiň çekilmegini, täze saýlawlaryň geçirilmegini we protestçilere garşy zorluklara jogapkär polisiýanyň jezalandyrylmagyny talap edýärler.

Suduň çykaran ýörite kararyna görä, potestçileriň hökümetiň edara jaýyny gabawda saklamagyny bes etmegi üçin suduň çykaran kararynyň esasynda indiki hepdäniň başyna çenli wagt möhleti berilýär.
XS
SM
MD
LG