Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Tährana bardy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Tähranda gepleşikler geçirýär. Lawrow Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we ýurduň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşar.

Iki ýurduň resmileriniň ýakynda Ženewada Tähran bilen dünýäniň iri alty döwletiniň arasynda gelnen deslapky ýadro ylalaşygy barada hem gepleşikler geçirmegine garaşylýar.

Şol ylalaşyga laýyklykda, Tähran ýadro programmasyny çäklendirmegi kabul edipdi. Munuň garşylygynda Eýrana garşy girizilen halkara ykdysady sanksiýalaryň käbirleri ýeňilleşdiriler.

Şu hepdäniň başynda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresi Tährana garşy täze sanksiýalary girizse, ylalaşyk “öli”, ýagny güýçden gaçar diýdi.

Şeýle-de, Lawrow bilen Eýranyň resmileriniň Siriýanyň parahatçylyk konferensiýasyny planlaşdyrmagy maslahat etmegine garaşylýar. Moskwa we Tähran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini goldaýarlar.
XS
SM
MD
LG