Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň täze goşgulary.
Üç ömür
Bu ömrümde ýaşap ýörün üç ömri,
Egnim ýagyr, göterýärin üç ýüki.
Bir ömrüm kesekiň göwnüni görüp,
Öz göwnüm ýykýaryn, ýok çeni-çaky.
Iki ýüzli hanjar ikinji ömrüm,
Gowy boljak bolýan özümden özüm.
Dil şelaýyn, sözüm şirinden-şirin,
Aglaýar ýüregim, gülse-de gözüm.
Meň üçünji ömrüm-arzuwym meniň,
Hatyryna hyýaldaky çyn ömrüň.
Tüýkürin ýüzüne günlerde bir gün,
Iki sany arwah, şeýtan, jyn ömrüň.
Düýe
Düýe maly – dünýä maly” diýerler,
Dostlar, ilimizde düýe söýerler.
“Dört aýagy uzyn, boýuny uzyn,
Akyly az, kelte” diýmek günädir.
“Tünt”, “Çoça” diýmeg-ä has uly günä,
Düýäň söýülmeli gylygy bardyr.
Syçan guýrugyna daksaň owsary,
Düşer, gider otyr syçan yzyna.
Eşek gaňňasyna owsar ilteseň,
Eşege eýerer, garlyp tozana.
Düýäni “Höreläm” diýip söýerler,
“Özümiz deý asylly mal” diýerler.
Düýnüň ýarasy
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy jeýhun derýa eýledi.
Magtymguly.
Pyragyň kitabyn sil alan çagy,
Çakym, ýowuz haly bolandyr gören.
Çakym, türkmen içre tapylan däldir,
Kitap üçin sile özüni uran.
Sen aslynda kim sen, niçiksi il sen,
Nebis, nepmi bar bilýäniň, görýäniň?
Aňmadyňmy, akyly sil alanyn,
Kitap däl, milletiň akyp barýanyn?!
Üç ömür
Bu ömrümde ýaşap ýörün üç ömri,
Egnim ýagyr, göterýärin üç ýüki.
Bir ömrüm kesekiň göwnüni görüp,
Öz göwnüm ýykýaryn, ýok çeni-çaky.
Iki ýüzli hanjar ikinji ömrüm,
Gowy boljak bolýan özümden özüm.
Dil şelaýyn, sözüm şirinden-şirin,
Aglaýar ýüregim, gülse-de gözüm.
Meň üçünji ömrüm-arzuwym meniň,
Hatyryna hyýaldaky çyn ömrüň.
Tüýkürin ýüzüne günlerde bir gün,
Iki sany arwah, şeýtan, jyn ömrüň.
Düýe
Düýe maly – dünýä maly” diýerler,
Dostlar, ilimizde düýe söýerler.
“Dört aýagy uzyn, boýuny uzyn,
Akyly az, kelte” diýmek günädir.
“Tünt”, “Çoça” diýmeg-ä has uly günä,
Düýäň söýülmeli gylygy bardyr.
Syçan guýrugyna daksaň owsary,
Düşer, gider otyr syçan yzyna.
Eşek gaňňasyna owsar ilteseň,
Eşege eýerer, garlyp tozana.
Düýäni “Höreläm” diýip söýerler,
“Özümiz deý asylly mal” diýerler.
Düýnüň ýarasy
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy jeýhun derýa eýledi.
Magtymguly.
Pyragyň kitabyn sil alan çagy,
Çakym, ýowuz haly bolandyr gören.
Çakym, türkmen içre tapylan däldir,
Kitap üçin sile özüni uran.
Sen aslynda kim sen, niçiksi il sen,
Nebis, nepmi bar bilýäniň, görýäniň?
Aňmadyňmy, akyly sil alanyn,
Kitap däl, milletiň akyp barýanyn?!
Teswirleri gör (2)
Has köp teswir ýükle