Ukrainanyň oppozisiýasynyň liderleri prezident Wiktor Ýanukowiç bilen gepleşik geçirmek barada ylalaşdylar. Bu gepleşikler Ýanukowiçiň we onuň ÝB bilen möhüm ylalaşyk baglaşmakdan ýüz öwürmegi sebäpli wezipesinden çekilmegini talap edýän oppozisiýanyň arasynda dörän gapma-garşylykdan çykalga tapmak maksadyna gönükdirilýär.
Oppozision liderleriň biri Arseniý Ýatsenýuk Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda jemlenen protestçilere ýüzlenip olaryň talaplarynyň Ýanukowiçe ýetiriljekdigini aýtdy. Beýleki oppozision liderler ýagny boks boýunça dünýä çempiony Witaliý Kliçko we milletçileriň lideri Oleh Týahnybok Ýatsenýuga goşuldylar.
Ýanukowiç öňki prezident Lionid Krawçugyň guraýan “tegelek stol” diskussiýasyna gatnaşjakdygyny anna güni mälim etdi.
Geçen aýda Wiktor Ýanukowiç ÝB bilen köpden bäri garaşylan assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürdi. Onuň bu kararyna Orsýetiň basyşy astynda gelen bolmagy çak edilýär. Penşenbe güni Brusselde Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Serhiý Arbuzow hökümetiň ylalaşyga “tiz wagtda” gol çekmekçi bolýandygyny aýtdy emma ol wagt möhletini agzamady.