Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestler geçýärkä kadr çalşyldy


Ukrainanyň hökümetini goldap geçirilýän demonstrasiýa, Kiýew, 14-nji dekabr, 2013.
Ukrainanyň hökümetini goldap geçirilýän demonstrasiýa, Kiýew, 14-nji dekabr, 2013.
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç 30-njy noýabrda polisiýanyň protestçilere zor görkezendigi sebäpli ýokary wezipeli iki resmini işden boşatdy.

Kiýewiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Oleksandr Popowyň we Milli howpsuzlyk hem goranmak geňeşiniň başlygynyň orunbasary Wolodymyr Siwkowyçyň wezipelerinden mahrum edilendigi barada maglumat prezidentiň websaýtynda şenbe güni peýda boldy.

Munuň öňüsyrasynda Ukrainanyň Baş prokuraturasy bu resmileriň, şeýle-de başga-da ikisiniň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamasynyň esasynda derňew astyna alnandygyny we olaryň tiz wagtda tussag ediljegi barada habar beripdi.

Demonstrasiýalar

Bu wakalar bilen bir wagtda oppozision protestlere garşylyk hökmünde hökümede goldaw bildirmek üçin müňlerçe adam Kiýewiň merkezinde jemlendi.

Demonstrantlaryň biri Oleksandr Reuters agentligine şeýle diýdi: “Biziň liderlerimiz bar, birinjisi prezidentimizdir. Geçmişde bolşy ýaly ol biziň patyşamyzdyr we biz onuň bilen oda hem suwa girmäge taýýar”.

Hökümeti goldap bu aksiýanyň geçirilýän wagtynda, polisiýanyň güýçleri Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýärler. Bu ýerde Ýewropa tarapynda çykyş edýän ençeme müň demonstrant barrikadalary döredip, olaryň aňrysynda galýar.

Ýöriteleşdirilen polisiýanyň wekilleri bir liniýa düzülip gapma-garşy taraplarda çykyş edýän protestçileri bir-birinden aýra saklamaga çalyşýarlar.

Wiktor Ýanukowiçiň geçen aýda Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmegi köpçülikleýin protestleri tutaşdyrypdy.

Premýer-ministriň çykyşy

Hökümete goldaw bildirip geçirilýän aksiýada çykyş eden premýer-ministr Mykola Azarow syýasatçylary jemlenip gepleşik geçirmäge, protestçileri bolsa öýlerine dargamaga ündedi.

Mykola Azarow şeýle diýdi: “Mende bar bolan maglumatlara görä, şeýle protestler diňe Kiýewde geçirilýär. Ýurduň beýleki böleklerinde asudalyk saklanýar. Biz Kiýewe hem parahatçylyk getirmeli. Men bu demonstrasiýa gelýärkäm Kiýewde bolup geçýän ýagdaýlara gynanç bilen syn etdim. Men syýasatçylara ýüzlenýärin, gelin edermenlik görkezeli. Geliň halkymyza ýüzlenip, öz öýleriňize gidiň, öz işleriňiz bilen boluň diýeli”.

Ukraina bilen hyzmatdaşlyk

Anna güni prezident Ýanukowiç oppozision liderler bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Emma krizisy çözmek ugrunda geçirilen gepleşiklerden öňyn netije bolandygy barada habar berilmedi. Prezident hökümeti dargatmak we täze saýlawlary geçirmek barada oppozisiýanyň eden talaplaryndan ýüz öwürdi.

Geçen hepdede Wiktor Ýanukowiç Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Ukrainanyň resmileri bu gepleşiklerde taraplaryň özara söwda we ykdysady tapawutlary aradan aýyrmak maksatly uly strategik partnýorlygy barada ylalaşyga gelendigi barada habar berdiler.

Mykola Azarow hökümetiň Ukrainanyň Orsýetiň ýolbaşçylygynda Gümrük bileleşigine agza bolmaga taýýarlyk görmegi baradaky çaklamalary çürt-kesik ret etdi. Şeýle-de, Azarow Ukraina ÝB bilen ylalaşyk baglaşyp “bankrot bolmagy” kabul etmez, diýdi.

ABŞ-nyň Ukraina sapar edýän iki sany senatorynyň ýekşenbe güni Kiýewde geçiriljek oppozision çykyşlara gatnaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG