Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Mejlis saýlawlaryny geçirdi


Türkmenistanda 1991-nji ýyldan bäri Ilkinji gezek iki partiýanyň gatnaşmagynda parlament saýlawlary geçirildi.

Emma ses berişlikde hakyky bäsdeşlik bolmady. Häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasynyň we Senagatçylar hem telekeçiler partiýasynyň, şeýle-de saýlawlara kandidat hökmünde gatnaşan beýleki dalaşgärleriň ählisi prezident G.Berdimuhamedowa wepalylykda kasam etdiler.

15-nji dekabrda bolan parlament saýlawlaryna ilkinji gezek ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň delegasiýasy syn etdi. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň hem Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň gözegçileri saýlawlar barada öz resmi hasabatlarynyň 2014-nji ýylyň fewral aýyndan bäri berilmejegini aýtdylar.

Türkmenistanyň Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça merkezi komissiýasy saýlaw üçastoklarynyň ýapylmagyna bir sagat galanda ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 88% çemesi bolandygyny aýtdy. Ilkinji netijeleriň duşenbe güni irden yglan edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG