Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamalarda 20 adam öldi


Yrakdaky partlamalarda 20 adam öldi. Ýurduň resmileriniň berýän maglumatyna görä, Bagdadyň Sadriýah regionyndaky bazarda bombaly ulagyň partladylmagy netijesinde dört adam öldi we başga-da 11 sanysy ýaralandy.

Bombalaryň ýene biri al-Nahda sebitinde partladyldy. Bu hüjümiň netijesinde üç adam öldi we başga-da ýedisi ýaralandy.

Bagdadyň günorta-gündogaryndaky Baýa sebitinde bombaly ulagyň we Hussaniýah sebitinde bombanyň partladylmagy netijesinde iki asuda raýat öldi we başga-da 10 sanysy ýaralandy.

Yragyň Salaheddin welaýatynyň Baiji şäherindäki polisiýa merkezine janyndan geçen bombaçylar hüjüm etdiler. Hüjümde we onuň yz ýanyndaky ok atyşyklarda sekiz adam, şol sanda hüjümçiler we howpsuzlyk güýçleri heläk boldy.

Şeýle-de, ýaragly adamlar Bagdadyň demirgazyk-günbataryndaky “Tikrit” gaz geçirijisine gözegçilik edýän üç esgeri öldürdiler.

Maglumatlara görä, Mosul şäherindäki awtobusa edilen hüjümde hem 12 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG