Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Partlamada dört adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň ýarylmagy netijesinde partladyjy serişdeleri zyýansyzlandyrýan ýurduň ýokary derejeli ofiseri we onuň üç sany kärdeşi öldi.

Abdul Hak we onuň topary partladyjyny zyýansyzlandyrmak üçin barýarka, olaryň ulagy uzakdan dolandyrylýan bombanyň partladylmagy netijesinde ýarylýar. Hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Şeýle-de, beýleki bir hüjümde pakistanly şaýy musulmanlarynyň belli ruhanysy Allama Nasir Abbas atylyp öldürildi. Bu hüjüm geçen aý sünni musulmanlarynyň lideriniň öldürilmegine jogap hökmünde görülýär.

Pakistanda gadagan edilen şaýy guramasynyň lideri Abbas nämälim şahsyýet tarapyndan ýekşenbe güni agşam Lahor şaherinde atylyp öldürildi.

2012-nji ýylyň başyndan bäri Pakistanda 800-den hem aşa şaýy musulmany öldürildi. Pakistanda aglaba sünni musulmanlary ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG