Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Partlamada 2 adam öldi


Pakistanyň Kurram tire-taýpa regionynda üç bombanyň partlamagy netijesinde iki adam öldi we başga-da altysy ýaralandy.

Ýerli resmileriň Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren maglumatyna görä, birinji bomba ýoluň gyrasyna düşelip, onda sünni musulmanlaryny alyp barýan ulag nyşana alnypdyr. Şol wakada iki ýolagçy öldi we başga-da üçüsi ýaralandy.

Şol ýoluň ugrunda bolan beýleki bir partlamada hem iki adam ýaralandy. Kummaryň beýleki bir etrabynda bolan üçünji bomba partlamasynda ýolda ýöräp barýan adam ýaralandy. Bu adam keselhana alnyp gidildi we ol ýerde lukmanlar onuň aýagyny kesip aýyrdylar.

Ikinji hem-de üçünji partlamalarda pida bolanlaryň sünni musulmanymy ýa-da däldigi barada henize çenli takyk maglumat berilmeýär.

Ýurduň resmileri sişenbe güni bolan partlamalar barada maglumat bermedi. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG