Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Türkmenistanda “köp iş edilmeli”


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky parlament saýlawlaryna gözegçilik edýän missiýasynyň başlygy Aşgabadyň adam hukuklary we demokratik standartlary baradaky borçnamalaryny doly ýerine ýetirmegi üçin heniz “köp iş etmelidigini” aýtdy. Ýöne ol hyzmatdaşlygyň izolýasiýadan has öndümlidigini” hem belledi.

Jeýms Uolş email arkaly Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda geçirlen soňky parlament saýlawlarynda ýurtdaky ses berişlige gözegçilik etmegi üçin Aşgabatdan ÝHHG-nyň Parlament assambleýasyna ilkinji gezek açyk çakylyk gelip gowuşdy diýdi.

ÝHHG-nyň missiýasy Türkmenistanda geçirlen parlament saýlawlaryna baha berýän jemleýji maglumatlary fewral aýynda çap eder.
XS
SM
MD
LG