Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Walş: Biz muňa bir ädim hökmünde garaýarys


ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň delegasiýasy türkmen resmileri bilen gepleşik geçirýär. 14-nji dekabr, 2013 ý.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň delegasiýasy türkmen resmileri bilen gepleşik geçirýär. 14-nji dekabr, 2013 ý.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň gözegçileriniň delegasiýasy 15-nji dekabrda geçen parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda Türkmenistana bardy.

Parlament Assambleýasynyň prezidenti Ranko Kriwokapiç saýlawlara baha beriji toparyň irlandiýaly senator James Walşyň ýolbaşçylygyndaky baş parlament agzalaryndan ybarat düzümini kesgitledi. Şeýle-de bu delegasiýa Horwatiýanyň, Italiýanyň, Latwiýanyň, Portugaliýanyň, Şwesiýanyň, Şweýsariýanyň we Orsýetiň parlament wekilleri girýärler.

Türkemenistana sapar edýän bu delegasiýanyň başlygy senator Jeýms Walş Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy üçin eksklýuziw interwýu berdi.

Azatlyk Radiosy: ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bu saýlawlara, umuman, nähili baha berdi?

James Walş: ÝHHG-niň parlamentarileri biziň beren bahamyzy fewralda Wenada geçjek Gyşky maslahatyň dowamynda hödürlärler. Şol wagt biziň gelen netijelerimiz jemgyýetçilige ýetiriler. Men sizi we siziň diňleýjileriňizi şol maslahaty yzlamaga çagyrýaryn.

James Walş (sagda) we Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Orazmyrat Nyýazlyýew. Aşgabat. 14-nji dekabr, 2013 ý.
James Walş (sagda) we Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Orazmyrat Nyýazlyýew. Aşgabat. 14-nji dekabr, 2013 ý.

Biziň hasabatymyz doly taýýarlanyp gutarýança, edil häzirki pursat men anyk jikme-jiklige girmek islemeýärin. Men biziň berjek bahamyzyň Horwatiýanyň, Italiýanyň, Latwiýanyň, Portugaliýanyň, Şwesiýanyň, Şweýsariýanyň, Irlandiýanyň we Russiýanyň parlamentarileriniň delegasiýasynyň synyna esaslanjakdygyny aýdyp biljek.

Biz saýlaw güni ençeme topar bolup Aşgabatdaky we onuň töweregindäki birnäçe saýlaw uçastoklaryna aýlanyp gördük. Biziň aramyzdan käbirleri oba ýerlerine hem aýlanyp, şol ýerlerdäki ses berişlik prosesine gözegçilik etdiler.

Biz saýlaw uçastoklarynyň gowy enjamlaşdyrylandygyna we gurnalandygyna şaýat bolduk. Mysal üçin, saýlaw kabinalary gaty oňat ýasalypdyr. Kabinalar ses berişligiň gizlinligini saklamak üçin saýlaw uçastoklarynyň içinde amatly ýerde ýerleşdirilipdir.

Emma, muňa garamazdan, biziň baryp gören saýlaw uçastoklarymyzyň köpüsinde günüň dowamynda saýlawa gantaşygyň pes bolandygyny gördük. Bu saýlawa bolan parhsyzlyk derejesini alamatlandyryp biler.

ÝHHG PA-nyň Türkmenistana sapar eden delegasiýasy we Türkmenistanyň Parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa (çepden dördünji). 14-nji dekabr, 2013 ý.
ÝHHG PA-nyň Türkmenistana sapar eden delegasiýasy we Türkmenistanyň Parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa (çepden dördünji). 14-nji dekabr, 2013 ý.
Azatlyk Radiosy: Bu saýlawlaryň Türkmenistan üçin möhümliligini nähili kesgitlärdiňiz?

James Walş: Türkmenistanda ilkinji gezek parlamentdäki orunlara birden artyk partiýa dalaş edýär. Ses berişligiň öň ýany men we meniň egindeşlerim Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy we onuň topary, möhleti tamamlanyp barýan Parlament, saýlawlara gatnaşaýan iki partiýanyň wekilleri bilen duşuşdyk. Biz Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermekdäki köpdürlilik mümkinçilikleri bilen gyzyklandyk.

Her niçik-de bolsa biz muny bir ädim hökmünde görýäris. Biz Türkmenistanyň bu başlangyja esaslanyp, munuň bilen baglylykdaky tamalary ödejekdigine, ýagny ýurduň açyklyga we aýdyňlyga esaslanýan hakyky manyda bäsleşik, demokratik, köppartiýaly sistemanyň ornaşmagy üçin kanunçylyk binýadyny we umumy syýasy medeniýeti ornaşdyrmagy dowam etdirjekdigine umyt edýäris.

Türkmenistanyň halky mümkinçiliklere we alternatiwalara esaslanýan öz saýlamak hukuklaryny ulanyp bilmäge mynasypdyr.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlara gözegçilik etmek bilen baglylykdaky saparyňyzy gurnamak we ony amala aşyrmak boýunça türkmen resmileri bilen aradaky hyzmatdaşlygyňyza nähili baha berýäňiz?

Saýlawlardan bir gün öň James Walş saýlaw uçastoklaryna aýlanýar. Aşgabat
Saýlawlardan bir gün öň James Walş saýlaw uçastoklaryna aýlanýar. Aşgabat
James Walş: Siz ýaňy bu saýlawlaryň möhümligi bilen baglylykda sorag berdiňiz, men bu saparyň özüni hem örän möhüm diýip pikir hasaplaýandygymy nygtamalydyryn. Şu ýyl ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy parlament saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin Aşgabatdan ilkinji gezek açyk çakylyk aldy.

Biz muňa Türkmenistan hökümetiniň hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bildirýän gyzyklanmasy hökmünde garaýarys we bu mümkinçiligi gowy garşylaýarys. Umuman, biziň saparymyzyň öň ýany we onuň barşynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan gowy hyzmatdaşlygyň bolandygyny şaýat bolduk.

Ýaňy-da belleýşim ýaly, biz saýlaw prosesi bilen bagly täsirlerimiz barada möhleti tamamlanyp barýan Parlament we Daşary işler ministrligi bilen konstruktiw dialog geçirdik. ÝHHG-niň parlamentarileri hökmünde biz bu ýurtda parlamentiň ösmegine aýratyn gyzyklanma bildirýäris.

Biz bu ýerde öz egindeş deputatlarymyz we resmiler bilen geçiren ýürekdeş we açyk gepleşiklerimiziň ikitaraplaýyn düşünişmäge we demokratik reformalara ýardam etjekdigine umyt baglaýarys.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlaryň öň ýany adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International topary Türkmenistan barada ýörite beýanat ýaýradyp, onda “ýurtda hakyky manyda oppozision partiýanyň, garaşsyz medianyň, adam hukuklaryny goraýan ýekeje-de garaşsyz toparyň ýokdugyny” öňe sürdi. Topar, bu şertleri nazara alyp, halkara gözegçilerini bu saýlawlary boýkot etmäge çagyrdy. Siz ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň saparynyň ähmiýetine nähili baha berýäňiz?

James Walş: Biz Türkmenistanyň, edil beýleki köp ýurtlar ýaly, merkezden dolandyrylýan döwletden has demokratik gurluşa geçmek bilen baglylykdaky synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna düşünmek we aňlamak bilen garaýarys.

Ikuçsuz, Türkmenistan ÝHHG-niň demokratik standartlary we adam hukuklary meselelerindäki borçnamalaryna laýyk bolmak üçin uzak ýol geçmeli. ÝHHG-niň parlamentarileri bu meselede illýuziýalary ýok.

Emma meniň ýaňy hem belleýşim ýaly, biziň parlamentarilerimiziňz köpüsi gatnaşyklaryň izolýasiýadan has peýdalydygyna ynanýar. Biziň bu prosesde Türkmenistana eden islendik belligimiz, tankydymyz we beren jogaplarymyz oňa bir hyzmatdaş we ÝHHG-niň düzümindäki egindeş agza hökmünde edildi.

Biz munuň has ýakyn we içgin gatnaşyklaryň başlangyjy boljakdygyna umyt edýäris. Biz munuň hem Türkmenistan, hem-de wekilçilikli gurama hökmünde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy üçin bähbitli bolar diýip pikir edýäris. Bize berlen maglumata görä, Türkmenistan golaýda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynda özüniň hemişelik wekilini bellemekçi. Bu juda oňaýly bir özgeriş.

Biz açyk media jemgyýetinde, açyk we bäsleşik esasyndaky saýlawlar ugrunda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da artdyrmak iseýäris.

Meniň ýene bir zady ýatladyp geçesim gelýär, biziň bu ýere eden saparymyzyň netijesinde bizde ilkinji gezek Türkmenistandaky saýlawlaryň hili barada köpçülige hasabat bermek mümkinçiligi döredi. Meniň ýaňy hem aýdyşym ýaly, biziň delegasiýamyzyň gelen netijesi fewral aýynda, Gyşky maslahatyň dowamynda aýan ediler. ÝHHG/DAHI (OSCE/ODIHR) hem öz hasabatyny sekiz hepdäniň içinde çap eder.
XS
SM
MD
LG