Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň ulaglaryna hüjüm edildi


Owganystanda “Talyban” hereketiniň NATO-nyň ýangyç daşaýan ýük ulaglaryna hüjüm etmegi netijesinde bir polisiýa ofiseri öldi. Bu waka Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda bolup geçdi.

Ofiser çarşenbe güni Nangarhar welaýatynda bolan bu hüjümiň yz ýanyndaky ok atyşykda heläk boldy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen bombaçylar NATO-nyň bazasyndaky ulag goýulýan meýdançanyň derwezesiniň golaýynda ulagy partladypdyrlar. Partlama sebäpli ýangyn döräp, munuň netijesinde hem birnäçe tanker ot aldy.

Mundan soň owgan armiýasynyň lybasyna geýnen hüjümçiler bazanyň özüne hüjüm etdiler. Şonda hüjümçileriň ählisi öldürildi.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG