Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Eýrany tankyt edýär


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Eýranyň düýpli hukuk bozulmalaryny, şol sanda adam gynamalaryny we onuň “howsala döredýän” hem-de ýygy-ýygydan amala aşyrylýan ölüm jezasyny tankyt edýän rezolýusiýany tassyklady.

Şeýle-de, rezolýusiýada Eýranyň täze prezidenti Hassan Rohani tarapyndan kabul edilen aýallara we etniki azlyklara garşy diskriminasiýalary aradan aýyrmak ýaly adam hukuklary baradaky tagallalaryna gowy baha berildi.

Ýöne rezolýusiýada Eýran adamy gamçylamak we amputasiýa, ýagny adamyň bedeniniň bir bölegini kesip aýyrmak, şeýle-de 18 ýaşdan kiçilere garşy ölüm jezasyny durmuşa geçirmek ýaly “adamkärçilikden çykýan” jenaýatlary amala aşyrmakda tankyt edilýär.

Çarşenbe güni Baş Assambleýada geçirilen ses berişligiň öňýany eýranly delegasiýa çykyş edip, rezolýusiýanyň ýurduň içindäki hakyky ýagdaýlary şöhlelendirmeýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG