Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama täze sanksiýalar zerur däl diýýär


Prezident Barak Obama Birleşen ştatlaryň kanun çykaryjylaryny ýene bir gezek Eýran babatda täze sanksiýanyň girizilmegini talap edýän kanun taslamasyny geçirmezlige çagyrdy.

Obama halkara gepleşikçileriniň Eýranyň ýadro işlerini jylawlamaklyga gönükdirilen gepleşikleri alyp barýan wagtynda täze sanksiýalar baradaky kanunyň zerur däldigini aýtdy.

Obama amerikan kanunçykyrajylarynyň «dogumly» görnüp, syýasy utuk gazanyp biljekdiklerini aýtdy, emma Eýran meselesinde diplomatiýa synalmaly diýdi.

Prezident Obama anna güni guralan metbugat ýygnagynda, Birleşen Ştatlaryň 26 sany senatory Eýrana garşy goşmaça sanksiýa girizmek baradaky kanun taslamasyny öňe sürenden bir gün soň çykyp gürledi.
XS
SM
MD
LG