Baýram Abdyllaýew tanymal kinorejissýordy, kinossenariçidi. Onuň «Ýandym» filmi Germaniýada, Lokarno (Italiýa) kinofestiwalynda, beýleki ýurtlarda hem tomaşaçylara görkezilipdi.
Ol, ýerli synçylaryň pikirine görä, esasan dokumental kinoçy hökmünde giňden tanaldy. B.Abdyllaýewiň garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda sowet propagandasy tarapyndan "dönükler" hökmünde tagmalanan doganlar Kürräýewler hakynda döreden dokumental filmi jemgyýetçilik tarapyndan gowy garşylanypdy.
Baýram Abdyllaýew Medeniýet institunda köp ýyl studentlere sapak berdi.
Baýram Abdyllaýew 21–nji dekabrda, Kakada topraga berildi.
Azatlyk Radiosy Baýram Abdyllaýewiň yzynda galan döredijilik mirasy barada ýazyjy Amanmyart Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Teswirleri gör (2)
Has köp teswir ýükle