Orsýetiň ozalky nebit tütjary Mihail Hodorkowskiý öz watanynda demir gözenegiň arkasynda oturan syýasy tussagyň kändigini aýdýar.
Hodorkowskiý prezident W.Putiniň günä geçmesi netijesinde anna güni, 20-nji dekabrda türmeden çykaly bäri beren ilkinji metbugat ýygnagynda çykyp gürledi.
Ol ýekşenbe güni Germaniýanyň paýtagty Berlinde žurnalistleriň öňünde eden gürrüňinde Orsýetiň beýleki syýasy tussaglarynyň hem boşadylmagyna ýardam etmäge synanyşjakdygyny aýtdy, Günbatar syýasatçylaryny Putin bilen duşuşanlarynda bu ýagdaýy ýatda saklamaga çagyrdy:
"Meni indi Orsýetde hiç syýasy tussagyň galmandygynyň bir simwoly hökmünde kabul etmäň. Siziň maňa raýat jemgyýetiniň tagallalarynyň hiç bir adam tarapyndan boşadylmagyna garaşylmaýan adamlaryň hem boşadylmagyna getirip biljeginiň bir simwoly hökmünde garamagyňyzy haýyş edýärin. Biz Orsýetdäki we beýleki ýurtlardaky syýasy tussaglary azat etmek üçin işlemegi dowam etdirmeli" diýip, ol aýtdy.
Häkimiýet ugrundaky göreş
Emma muňa garamazdan, Hodorkowskiý özüniň Orsýetde Putin bilen häkimiýet üstünde darkaşa girmejegini hem sözüne goşdy.
50 ýaşyndaky biznesmen özüniň Germaniýada näçe wagt galjagyny aýtmady, ol bu ýerde özüniň maşgala agzalary bilen gaýtadan birleşdi. Emma ol özüne bu ýurtda bir ýyllyk wizanyň kepillendirilendigini hem sözüne goşdy.
Ol Orsýete dolanyp barjakmy diýen soraga, eger gaýdyp barsam, soň ýene daşary ýurda goýberiljegime kepillik ýok diýip jogap berdi.
Ol Germaniýanyň kansleri Angela Merkele özüniň türmeden boşadylmagynda oýnan roly üçin sagbol aýtdy, ýyllarboýy öz işine ünsi çekip gelen žurnalistlere minnetdarlyk bildirdi.
Biraz öň Hodorkowskiý Orsýetiň oppozisiýasyna «howandarlyk» etmejegini we ozalky nebit kompaniýasy «Ýukosuň» emlägini yzyna almaga çalyşmajagyny aýtdy.
Orsýetiň "New Times" žurnalynda 22-nji dekabrda çap edilen düşündirişlerinde Hodorkowskiý özüniň türmeden boşadylmagynyň hiç bir şert bilen berçinlenmändigini aýtdy. Ýöne ol Putine ýazan hatynda özüniň syýasata goşulmak we emläkleri yzyna almak üçin darkaş gurmak niýetiniň ýokdugyny aýdandygyny belledi.
Orsýetiň iň baý adamy bolan Hodorkowskiý salgytdan gaçmakda we jemgyýetçilik emlägini ele geçirmekde günäli tapylyp, on ýylda gowrak türmede oturdy. Ol özüniň iki sud seljerişliginde hem günäkär däldigini aýtdy.
Tarapdarlary onuň syýasy sebäpler esasynda, Putin tarapyndan, oppozisiýa hereketlerine goldaw berip, Kremle garşy çykanlygy üçin jogapkärçilige çekilendigini aýdýarlar.
Putiniň "ynsanperwerligi"
Putin onuň wagtyndan öň boşadylmagyny ynsanperwerçilik hökmünde häsiýetlendirdi, ýagny Hodorkowskiniň Germaniýada bejergi alýan ejesiniň näsaglygy sebäpli günäsiniň geçilmegini sorandygyny aýtdy.
Hodorkowskiý Putinden maşgala ýagdaýlary sebäpli günä geçiş sorandygyny aýtdy, emma munuň maliýe jenaýatlary baradaky günäni boýun almak bilen deňdigini inkär etdi.
Hodorkowskiý ýene sekiz aýdan, gelýän ýylyň awgustynda boşadylmalydy. Emma oňa häkimiýetler tarapyndan özüne garşy üçünji bir jenaýat işiniň hem gozgaljagy barada haýbat atylandygy barada habarlar bar.
Günbatar hökümetleri Hodorkowskiniň boşadylmagyny seresaplylyk bilen gutladylar. Mysal üçin, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bu hereketi gutlady, emma ol Orsýeti reformalary amala aşyrmaga hem-de prosessual bidüzgünçilikleri we adamlary ala tutup jogapkärçilige çekmegi bes etmäge çagyrdy.