Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Üç aktiwiste höküm çykaryldy


Müsüriň sudy 2011-nji ýyldaky gozgalaňlaryň geçirilmegine kömek eden tanymal üç aktiwisti aýry-aýrylykda üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Şol gozgalaňlarda ýurdy uzak wagtdan bäri dolandyran Hosni Mubarak häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Ahmed Maher, Ahmed Douma we Muhammad Adel ýurtda demonstrasiýalary çäklendirýän täze kanuna garşy geçirilen rugsat berilmedik protestler bilen ilteşikli günäli tapyldylar. Şeýle-de resmiler olary polisiýa hüjüm etmekde aýypladylar.

Bu demokratik görnüşde saýlanan prezident Muhammad Morsiniň iýul aýynda harbylar tarapyndan häkimiýetden çetleşdirileni bäri yslamçy bolmadyk protestçilere garşy çykarylan ilkinji hökümdir.
XS
SM
MD
LG