Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SSSR-den galan ýarag ammary


Gaz maskasy
Gaz maskasy
Orsýetiň merkezinde ýerleşýän Maradikowskiý ýarag ammary ýurduň içinde Sowet döwründen galan sekiz sany himiki ýarag ammarlarynyň hatarynda agzalýar. Gürrüňi edilýän ammar häzirki wagtda ýok edilýär.

77 ýaşly Klawdiýa we onuň 84 ýaşly adamsy Mihail gaz maskalaryny geýjek bolup kösenýärler.

"Mihail: 'Maňa bir şu syrma ýetenokdy. Indi men munuň bagjygyna seredeýin. Men olary gowşatdym. Gowşatdym.'

Klawdiýa: 'Şu zatlary biz bireýýäm zyňmaly ekenik.'

Mihail: 'Men bu kemeri çykardym-a'

Klawdiýa: 'Ýok, ony, ynha, şu ýerden daňmaly, bar bolany şol. '"

Orsýetiň merkezinde ýerleşýän Kirow oblastyna degişli Mirnyý obasynyň ýaşaýjylarynyň hemmesiniň gaz maskalary bar. Klawdiýa mundan bäş ýyl ozal özlerine ýerli häkimiýetler tarapyndan nädip gaz maska aldyrylyşy barada gürrüň berýär. Ol alanlygy barada bir kagyza gol çekipdir, soňam maskalary öýüň içinde nirädir bir ýere taşlapdyr. Şondan bäri hem ol maskalaryň ýüzüne-de seretmändir.

Mirnynyň ýaşaýjylary
Mirnynyň ýaşaýjylary

Ýöne Mirnyda ýaşajak bolsaň, hemme zada taýyn bolmaly. Sebäbi bu oba bilen Maradikowskiý ýarag ammarynyň arasynda diňe bir demirýol bar. Agzalýan ammarda sowet döwründen galan ýaraglar saklanýar. Ýöne häzirki wagtda welin, olardan dynmagyň ugruna çykylypdyr. Soňky ýedi ýylyň dowamynda 7 müň tonna barabar zyýanly gazlar, ýagny zarin, lýuizit we ş.m gazlar Maradikowskide ýok edilipdir.

Oktýabr aýynda bu ýarag ammary barada metbugatda yzygiderli gürrüň edilipdi. Şonda derňew komiteti ol ýerdäki howpsuzlyk işgärleriniň Maradikowskä hüjüm etmekçi bolan demirgazyk kawkazly iki adamy saklandyklaryny habar beripdi. Polisiýa işgärleri desganyň 500 metr golaýynda ýerleşýän taşlanan jaýda bomba böleklerini tapandyklaryny aýdypdy.

Ynha, şol wakadan birnäçe gün geçmänkä, demirgazyk kawkazly janyndan geçen bir aýal Wolgogradda bir awtobusa bombaly hüjüm edipdi. Şol partlamanyň netijesinde 7 adam wepat bolupdy.

Zerur serişdeler bilen üpjün edildi

Maradikowskiý maglumat merkeziniň metbugat wekili Pawel Filew Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren gürrüňinde “howply zona” golaý ýerleşýän ilatly nokadyň 50 müň sany ýaşaýjysyny zyýanly gazlardan goramak üçin olary maskalar we beýleki howpsuzlyk serişdeleri bilen üpjün edendiklerini aýtdy.

"Muny nirä dakmalydy?"
"Muny nirä dakmalydy?"
"Federal kanunçylygyň esasynda bu ýeriň ýaşaýjylary – ýaşulular, ýaşkiçiler, we, elbetde, çagalar howpsuzlyk serişdeleri bilen üpjün edildiler. Häzirki wagtda “howply zonada” ýaşaýan adamlaryň hemmesinde zerur bolan howpsuzlyk enjamlary bar.”

Ýöne haçan-da biz ol ýerde gundagdaky bäbekler üçin howpsuzlyk serişdeleriniň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklananymyzda, Filew şeýle enjamlaryň sanynyň örän azdygyny we olaryň diňe maglumat merkezinde saklanýandygyny aýtdy.

Ammaryň işgärleri adaty halka garanyňda “adatdan daşary ýagdaýlara” has ykjam taýýarlykly ekeni. Özüni Swetlana diýip tanadan ýaşajyk ene Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren gürrüňinde öz maskasyny işe gideninde we işden gaýdanynda hökman ýanyna alýandygyny aýtdy: "Bu ýerde adatdan daşary ýagdaý bolan halatynda ulanarymyz ýaly biziň maskamyz elmydama ýanymyzda bolmaly. Bu ýere mydama-da garaşylmadyk barlagçylar gelýär we şonda biz öz maskalarymyzy geýip, halas ediş girelgelerine barmaly bolýarys.”

Adatdan daşary ýagdaýlar

Maradikowskide ýaraglary ýok ediş çäreleri başlanaly bäri hiç hili waka bolup geçmedi diýlip, resmi maglumatlarda aýdylýar. Ýöne ýerlileriň we işçileriň aýtmaklaryna görä, ol ýerde birnäçe gezek adatdan daşary hadysalar bolup geçipdir.

Kommunistik partiýanyň ýerli bölüminiň berýän maglumatlaryna görä, 2010-njy ýylda Maradikowskide adatdan daşary hadysa bolupdyr. Resmi hasabata görä 2009-njy ýylda Konstatin Ilýinskih atly esger bu ýerde gazdan zäherlenip ölüpdir.

Ýaşuly işçilerden biri bu waka barada radiomyza şeýle gürrüň berýär: “Men ony öz gözüm bilen gördüm. Ol maskasyz aýlanyp ýördi we himiki jisimleriň ýanyna baryp, surata düşýärdi. Ol halaşýan gyzyna şol ýerde düşen suratlaryny iberjek bolupdyr we şol wakadan soň hem ol ýogaldy”.

ulitsa Radchenko, Kirov Oblast, Russia
ulitsa Radchenko, Kirov Oblast, Russia


Ilkibaşda 1953-nji ýylda sowet häkimiýeti bu ýere himiki ýaraglary getirip başlaly bäri, ýarag ammary dürli ekologiki problemalaryň ýüze çykmagyna-da getirdi. 60-njy ýyllarda Sowet Soýuzynyň degişli häkimiýetleri bu ýerde himiki ýaraglary ýa oda ýakyp, ýa-da bolmasa köle oklap, ýok edip başlaýar. Mirnyý obasynda himiki ýaraglaryň gapyrjaklaryndan ýasalan çeperileridir çarbaglary görmek bolýar.

Daşky gurşaw

Geçen tomus paslynda ýerli “daşky gurşaw” toparlary howply zonada ösýän ösümlikleriň düzüminde fosforyň mukdarynyň ýokarlanandygyny anykladylar.

77 ýaşly Klawdiýa häkimiýetleriň Maradikowskiý barada aýdýan oňat sözlerine, ýagny bu ýeriň zyýansyz ýerdigi barada edýän gürrüňlerine ýerli ýaşaýjylaryň ynanmaýandyklaryny aýdýar: “Biz olara näme üçin ynanmaly? Haçan-da bu ýerde ýaşaýan iki adamyň biri, hatda çagalar hem köçede ýöräp barýarka: “Eje aýagym agyrýar” diýýärler. Iki ýaşly, iki ýarym ýaşly çagalaryň näme üçin şu wagtdan aýagy agyrmaly?”

Häzire çenli Maradikowskiý ammarynyň ýaraglarynyň 98 göterimi diýen ýaly ýok edildi. Ýöne işiň iň agyr bölegi indi edilmeli. Orsýet 2015-nji ýyla çenli bu ammary we içindäki himiki ýaraglary ýok etmegi maksat edinýär.

Maradikowskiniň we şol sanda Mirnynyň geljegi aýdyň däl. Ammaryň işgäri Swetlana bu meselede öz aladasyny şeýle bildirýär: “Bu ýerde hemme zady söküp, düýbünden ýok etmezler diýip umyt edýärin. Soňlugy bilen hem nähilidir bir iş ýerleri galsa gowy boljak ýaly. Bu ýere başga ýerlerden gelenler ýene-de özge ýerlere gitmeli bolarlar, ýöne, ynha, biz bu ýeriň ýerli ýaşaýjylary hökmünde şu ýerde galarys. Şonuň üçin hem biziň üçin işlär ýaly nähilidir bir iş ýerleri tapylsa gowy boljak”.

XS
SM
MD
LG