Orsýetiň we Ukrainanyň premýer-ministrleri sişenbe güni Moskwada duşuşyp, iki ýurduň özara ykdysady hyzmatdaşlygy barada maslahat geçirdiler.
Ukrainanyň premýer-ministri Mykola Azarow Ýewraziýanyň ykdysady geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Moskwa bir günlük sapar etdi.
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň metbugat-wekiliniň aýtmagyna görä, iki ýurduň hökümet baştutanlarynyň gepleşikleri söwda, energiýa we “möhüm senagat hem infrastruktura” proýektlerine gönükdirildi.
Geçen hepdede Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine synçy hökmünde gatnaşmak mümkinçiligine garaýandygyny aýtdy.
Noýabr aýynda Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyryp Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklar ugrunda gepleşiklere başlapdy.
Geçen hepdede Orsýet Ukrainanyň hökümetiniň 15 milliard dollarlyk bergisini öz üstüne almagy teklip etdi.

Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?