Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Awtobusda partlama boldy


Müsüriň paýtagty Kairdäki awtobusda bolan partlamada bäş adam ýaralandy. Bu barada ýurduň howpsuzlyk resmileri habar berýärler.

Howpsuzlyk resmileri partlamanyň penşenbe güni irden Kairiň gündogaryndaky Nasr City etrabynda bolandygyny aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu wakanyň sebäbi heniz hem näbelli. Emma olar partladyjy serişdäniň awtobusa zyňlandygyny ýa-da onuň golaýyna düşelendigini güman edýärler.

Iýul aýynda yslamçy prezident Muhammad Morsiniň harbylar tarapyndan häkimiýetden çetleşdirmeginden we onuň “Musulman doganlygy” hereketine edilen basyşlardan soň, Müsürde ençeme tapgyr hüjümler amala aşyryldy. Bulary yslamçy söweşijileriň edendigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG