Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Erdogan ministrleri çalşyrýar


Türkiýäniň premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan. Ankara. 25-nji dekabr, 2013 ý.
Türkiýäniň premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan. Ankara. 25-nji dekabr, 2013 ý.
Korrupsiýa bilen baglanyşykly aýyplamalaryň barha artmagy netijesinde üç sany ýokary derejeli ministr öz wezipesinden çekilensoň, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ministrler Kabinetiniň düzümini üýtgetjekdigini mälim etdi.

Erdogan çarşenbe güni prezident Abdullah Gül bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda duşuşansoň, 10 ministri çalşyrjakdygyny aýtdy.

Çarşenbe güni ir bilen ýurduň ykdysadyýet ministri, içeri işler ministri, şeýle hem tebigaty goramak boýunça ministr öz wezipelerinden çekildiler. Olaryň wezipeden gitmegine sebäp bolan zat – ogullarynyň parahorlyk boýunça alnyp barylýan güýçli derňew işleri netijesinde tutulandygy.

Erdogan Ýewropa Bileleşigi bilen aradaky gatnaşyklara jogapkär ministri-de çalşyrdy. Korrupsiýa işlerinde bu ministriň hem eliniň bardygy aýdylýar.

Türkiýäniň premýer-ministri bildirilýän aýplamalaryň esassyzdygyny, korrupsiýa ýol ýokdugyny belledi: "Biziň partiýamyzyň öz işlerinde üstünlikli bolmagynyň, ýolbaşçylygy ele alyp, ýurdy 11 ýyllap dolandyryp gelmegimiziň sebäbi – biziň dogruçyldygymyz, ýurda ak ýürekden berlendigimiz we korrupsiýa garşy göreşmäge hyjuwlydygymyz. AK (”Adalat we Galkynyş”) partiýasy korrupsiýany ne görmezlige salýar, ne-de oňa çydamlylyk görkezýär. Ol bu işi etse, onda bu onuň öz köküne palta urdugy bolar".

Erdogan ret edýär

Erdogan bildirilýän aýyplamalary "halkara güýçleri" tarapyndan gurnalan "gizlin iş görmäniň" bir bölegi diýip, ony ret etdi: "Biz türk halkynyň, türk respublikasynyň garşysyna gönükdirilen haýsydyr bir hüjüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu hüjüm korrupsiýa derňewi diýip görkezilýär. Ýöne hemmeler bilýärler, bu bir açyk dildüwşük, türk respublikasynyň we halkynyň garşysyna gurnalýan hile".

Şol bir wagtda-da hökümetiň garşysyna Ankarada, Stambulda we Izmirde demonstrasiýa geçendigi habar berilýär.

Ozal iýun aýynda Stambulda geçen protestleri zor bilen basyp ýatyrmak barada buýruk bermegi Erdoganyň abraýyna zyýan ýetirdi.

Erdogan awtoritarçylykda, dünýewi türk döwletiniň köküni gowşatmaga synanyşýanlykda aýyplansa-da, 11 ýyl bäri häkimiýet başynda. Bu döwrüň içinde onuň ýolbaşçylygynda ýurt ykdysady taýdan uly depgin bilen ösdi.
XS
SM
MD
LG