Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Greenpeace" aktiwisti Orsýetden gaýtdy


“Greenpeace” guramasynyň Gazpromyň Arktikadaky nebit çykaryjy desgasynda protest geçirip, tussag bolan 30 aktiwistiniň biri Orsýeti terk etdi.

Sowet Soýuzynda doglan şwesiýaly Dmitriý Litwinow penşenbe güni çykyş wizasyny alandan soň Orsýetiň Finlýandiýa bilen serhedinden geçdi. “Greenpeace” guramasy beýleki aktiwistleriň hem anna güni Orsýeti terk etmäge rugsat alyp ýurtdan gaýtmaklaryna garaşylýandygyny aýtdy.

Penşenbe güni Orsýet “Arctic Sunrise” gämisiniň ekipažynyň we onuň üstünde bolan aktiwistleriň garşysyna gozgalan jenaýat işleri ýapmak prosessini tamamlady.

Aktiwistleriň Orsýet tarapyndan iki aýlap tussaglykda saklanmagy we olaryň garşysyna huligançylyk aýyplamasy esasynda jenaýat işiniň gozgalmagy Günbatar tarapyndan berk ýazgarylypdy. “Arctic Sunrise” gämisi we onuň içinde bolan aktiwistler sentýabr aýynda tussag bolupdy.
XS
SM
MD
LG