Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Döwlet emlägi barada kanuna gol çekildi


Türkmenistanda döwlet emlägini döwletiň eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak barada kanuna gol çekildi.

Türkmen metbugatyna görä, 2014-nji ýylda güýje girýän bu kanun Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegine we netijeli bazar ykdysadyýetini ösdürmek hem maýa goýumlary çekmek üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.

Şeýle-de, habar berilişine görä, täze kanun döwlet emlägini döwletiň eýeçiliginden aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylykly esaslaryny kesgitleýär.
XS
SM
MD
LG