Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnaranyň öýünde gymmatly eserler tapyldy


Gülnara Kerimowanyň öýünde tapylan eserler, Ženewa, özbek dissidentleriniň alan suratlary.
Gülnara Kerimowanyň öýünde tapylan eserler, Ženewa, özbek dissidentleriniň alan suratlary.
Özbek prezidenti Yslam Kerimowyň gyzy Gülnara Kerimowa özüniň sungata ýokary baha berýändigini hiç haçan gizlän adam däl.

Ýöne onuň sungatyň özüni welin, gizlän bolmagy ahmal.

Häzir Gülnara Kerimowanyň Ženewadaky 20 million dollarlyk jaýynda bolýan bir özbek dissidenti özüniň bu öýde 20-nji asyra degişli gymmat bahaly sungat eserleriniň birnäçesiniň üstünden barandygyny aýdýar. Dissidentiň sözlerine görä, bu žiwopis eserleri Özbegistanyň Döwlet sungat muzeýiniňki bolmaly.

Syýasy özbek bosguny Safar Bekjan 23-nji dekabrda özi ýaly 4 dissident bilen birlikde bikanun ýagdaýda Gülnara Kerimowanyň jaýyna giripdir.

Ol şondan bäri özüniň gymmat bahaly diýýän zatlarynyň suratlaryny internetde ýerleşdirýär. Sany ýüzlerçe bolan bu baýlyklaryň arasynda altyndan we göwherden edilen şaý-sepler, bir "Bentley" awtoulagy, şeýle hem muzeýiň 60-dan gowrak, şol sanda Özbegistanyň halk artisti Çengiz Ahmarowyň 1980-nji ýylda döredilen "Gözellik" ýaly seýrek duşýan sungat eserleri-de bar.

Bu suratlarda artistiň awtografy bara meňzeýär, käbirlerinde hem muzeýiň resmi möhüri bar. Bu suratlaryň originalyny muzeýde gören iki özbek sungat eksperti Azatlyk Radiosyna Bekjanyň surata düşüren eserleriniň hakykydygyna özleriniň ynanýandyklaryny aýtdylar.

Häzirki wagtda Şwesiýada we Şweýsariýada korrupsiýa boýunça alnyp barylýan derňewleriň gidişinde Birleşen Milletler Guramasynyň öňki ilçisi Gülnara Kerimowanyň bikanun pul ýuwmakda eliniň barlygynyň aýan edilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG