Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Bir çagalylyk syýasaty gowşadyldy


Hytaý maşgalalara diňe bir çagaly bolmaga rugsat berýän syýasatyny formal taýdan gowşatdy.

Şenbe güni makullanan täze syýasata görä, enäniň ýa atanyň biri öz maşgalasynda ýeke çaga bolan ýagdaýynda olara ikinji çaga dogmaga rugsat beriler. Ozalky düzgüne görä, ikinji çaga edinmek üçin hem ene hem-de ata öz maşgalalarynda ýeke çaga bolmalydy.

Milli halk kongressiniň kanun çykaryjylary tarapyndan makullanan bu karar ýurduň 1980-nji ýylda kabul edilen çäklendiriji çaga syýasatyny gowşatmak boýunça ilkinji ädim boldy.

Hytaýyň kommunist häkimiýetleriniň alyp baran bu syýasaty ýurtda batly depginde ösen ilat sanyny çäklendirmek maksadyna gönükdirilipdi. Emma bu syýasatyň netijeleri soňky döwürde Hytaýyň barha garrap barýan ilatyny ykdysady taýdan goldamaga ukybyna şübhe bildirilmegine sebäp boldy. Hytaý dünýäniň iň köp ilatly ýurdy. Hytaýyň ilat sany 1.35 milliard diýilip kesgitlenýär.
XS
SM
MD
LG