Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

D.Kawkaz: Şübheli söweşijiler öldürildi


Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionyndaky howpsuzlyk güýçleri we polisiýa ýurtda söweşijidigi güman edilýän birnäçe adamy öldürendiklerini habar berýärler.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, Dagystanyň Hasawýurt etrabynda gijäň ýary polisiýa ot açan iki ýaragly adam öldürilipdir.

Stwaropol Kraýynyň Neftekumsk etrabyndaky polisiýa öýde ýasalan partladyjy serişdeleri polisiýa zyňan iki adamyň öldürilendigini habar berýär.

Kabardino-Balkariýanyň Çegem şäherinde birnäçe ýaragly adam polisiýa tarapyndan gabawa alyndy. Resmiler azyndan iki ýaragly adamyň öldürilendigini habar berýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG