Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Söweşijiler polisiýa hüjüm etdi


Yragyň Anbar welaýatynda durnuksyz ýagdaýlaryň dörändigi barada maglumatlar gelip gowuşdy. Yslamçy söweşijiler Fallujah we Ramadi şäherlerindäki birnäçe polisiýa merkezine hüjüm etdiler. Munuň netijesinde howpsuzlyk güýçleri bilen yslamçy söweşijileriň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy.

Ýerli resmiler söweşijileriň ýaraglary ele salandygyny we birnäçe tussagy boşadandygyny aýtdylar. Çarşenbe güni bolan bu hüjüm Anbar welaýatynyň gubernatory köçä çykmak gadagançylygyny, ýagny komendant sagadyny güýçden aýyrandan birnäçe sagat soň ýüze çykdy. Bu düzgün duşenbe güni sünni musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatynyň ençeme künjeklerinde çaknyşyklar ýüze çykandan bäri dowam edip gelýärdi.

Yrakdaky bu durnuksyzlyk duşenbe güni Anbar welaýatyndaky sünni protest lageriniň dargadylmagy netijesinde döredi. Bu ýagdaý ýurtda sünni köplüginiň we şaýy liderligindäki premýer-ministr Nuri al-Malikiniň hökümetiniň arasyndaky onsuz hem dartgynly ýagdaýlary möwjetdi.

Maliki raýat polisiýasynyň Anbar welaýatynda howpsuzlygyň kontrollygyny dowam etdirip biljekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG