Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Banderanyň hatyrasyna ýöriş geçirildi


Ukrainanyň paýtagty Kiýewde müňlerçe adam öz liderleri Stepan Banderanyň hatyrasyna ýöriş geçirdi. Elleri alawly milletçiler Banderanyň 105-nji doglan gününi bellemek üçin çarşenbe güni agşam köçelere çykdylar.

Bandera Ukrainada gapma-garşy şahsyýetdir. Ol Ukrainanyň günbatarynda azatlygyň göreşijisi diýip hasaplanylýar. Ýöne ýurduň gündogarynda bolsa, ol 2-nji jahan urşy döwründe nasistler bilen hyzmatdaşlyk eden dönük diýlip atlandyrylýar.

Kiýewde Ýewropa bilen integrasiýanyň tarapynda çykyş edýän müňlerçe adam bir aýdan gowrak wagt bäri protestleri geçirýär. Muňa prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak baradaky ylalaşygy soňa goýmagy sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG