Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarraf keselhana alnyp gidildi


Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşarraf keselhana ýerleşdirildi. Polisiýanyň maglumatyna görä, Muşarraf sud diňlenişigine alnyp barylýarka, ol döşündäki agyrydan şikaýat edipdir.

Muşarrafyň dönüklik aýyplamalary bilen bagly penşenbe güni Yslamabatda geçiriljek ýörite suda gatnaşmagy tabşyryldy. Ol bu suda gatnaşmasa, tussag edilip bilner. Muşarraf howpsuzlyk aladalaryny sebäp görkezip mundan ozalky iki sud diňlenişigine gatnaşmandy.

Ýetmiş ýaşyndaky öňki general 2007-nji ýylyň noýabr aýynda ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan edeni we konstitusiýany togtadany üçin dönüklikde aýyplanýar. Muşarraf aýyplamanyň syýasy maksatlydygyny aýdyp, ony ret etdi.

Şeýle-de, ol 1999-2008-nji ýyllarda ýurdy dolandyran döwri bilen ilteşikli aýry-aýry sud işinde birnäçe beýleki aýyplamalar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.
XS
SM
MD
LG