Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususylaşdyrmak we regionyň tejribesi


Aşgabat.
Aşgabat.
Türkmenistanda döwlet emlägini döwletiň eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak barada kanun şu ýylyň tomsunda güýje girer. 26-njy dekabrda gol çekilen bu kanunyň döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň kanuny, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýändigi we ýurtda telekeçiligi ösdürmek, Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek we netijeli bazar ykdysadyýetini ösdürmek maksadyna gönükdirilýändigi habar berilýär. Beýleki postsowet ýurtlary döwlet emlägini hususylaşdyrmak bilen bagly nähili tejribeleri başdan geçirdiler?

Azatlyk Radiosy Orsýetiň Syýasy barlaglar institutynyň bilermeni Aždar Gurdow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Postsowet döwletleriniň aglaba köpüsi döwlet emlägini hususylaşdyrmak tejribesini başdan geçirdi. Bu ädim ýurtlaryň bazar ykdysadyýetine geçmegi üçin, dogrudanam, zerurmydy?

Aždar Gurdow
Aždar Gurdow
Aždar Gurdow: Öňki sosialistik ýurtlaryň tejribesi şeýle kanun bolmasa, oňup bolmajagyny görkezdi. Sebäbi sosialistik ykdysadyýet merkezleşdirilen usulda dolandyrylýardy, ýagny esasy senagat ugurlary döwletiň gözegçiligindedi. Bazar ykdysadyýetiniň ösüşi bolsa hususy inisiatiwa bagly bolýar we serişdeler hem hususy emlägiň bolmagyny talap edýär.

Azatlyk Radiosy: Orsýetde we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy oligarhlaryň döremegine we korrupsiýanyň batly ýaýrap başlan döwrüne gabat gelipdi. Bu prosesleriň arasynda nähili baglanyşyk bar?

Aždar Gurdow: Dogrudanam, şeýle baglanyşyk bar. Ýöne Türkmenistanyň tejribesi Orsýetiň tejribesine meňzeş bolmaz diýip pikir edýärin. Orsýet Federasiýasynda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy Günbatar [ýurtlarynyň] tejribelerine esaslanan liberal garaýyşly toparlaryň ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdy. Bu ýerde Türkmenistanda Gazagystanyň tejribesiniň gaýtalanmagyndan heder etmeli diýip pikir edýärin.

Gazagystanda öňki kommunistik ýolbaşçylar bazar reformalaryny öz bähbitleri nukdaýnazaryndan amala aşyrdylar. Ýagny, häkimiýetler döwlet emlägini hususylaşdyrmaga rugsat berenlerinde, döwletiň emlägine häkimiýet başyndaky we häkimiýete golaý bolan adamlaryň eýe çykmagyna ýol berdiler. Netijede Nursoltan Nazarbaýewiň ýakyn garyndaşlary tütjar baý adamlara öwrüldiler. Şeýlelikde bu ýagdaý korrupsiýanyň gülläp ösmegi, häkimiýete eýe bolan adamlaryň baýamagy üçin şert döretdi.

Azatlyk Radiosy: Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynda Orsýetde nähili kynçylyklar boldy?

Aždar Gurdow: Orsýetde hususylaşdyrmagyň döreden agyr netijeleri – öň döwletiň eýeçiligindäki obýektleriň täze eýelere ujypsyz nyrhdan geçmegi bilen bagly bolupdy. Meselem, senagatda täze eýeler mugtuna diýen ýaly eýe bolan kärhanalaryny ösdürmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen meşgullanman, olary alyp-satmak arkaly peýda görmek bilen meşgullanypdy. Netijede Orsýet agyr senagat krizisini başdan geçirdi. Ägirt uly kärhanalar yzygiderli alnyp-satylýardy, pullar bolsa daşary ýurtlara çykarylýardy. Bu on ýyldan gowrak wagtlap dowam etdi. Üstesine, Orsýetiň tejribesiniň esasy negatiw taraplarynyň ýene biri – döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň netijesinde hakyky manyda hususyýetçiler gatlagy döremedi.

Azatlyk Radiosy: Eýse, Orsýetde döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy nähili pozitiw netijeleri berdi?

Aždar Gurdow: Hususylaşdyrmagyň pozitiw tarapy, Orsýet halkara bazaryndan çetde duran ykdysadyýetli ýurt bolmakdan dyndy we halkara sistemanyň bir bölegine öwrüldi. Ýurduň daşary söwda syýasaty aktiwleşdi we ýurduň içinde daşary ýurtly maýa goýumlaryň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň işlemegine mümkinçilik döredi.
XS
SM
MD
LG