Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Çaknyşykda 17 adam wepat boldy


Müsüriň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, ýurtda gadagan edilen “Musulman doganlygy” guramasynyň tarapdarlarynyň geçiren protestlerinde polisiýanyň güýç ulanmagynyň netijesinde azyndan 17 adam öldürilipdir.

Heläkçilikli wakalaryň anna güni Kairde, Aleksandriýada, Ismailiýada, Faýoumda we Minýada bolandygy barada habar berilýär.

Saglyk ministrligi 50-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, Içeri işler ministrligi bolsa “Musulman doganlygy” guramasynyň 122 tarapdarynyň tussag edilendigini habar berdi. “Musulman doganlygynyň” ýolbaşçylygyndaky bileleşik heläk bolanlaryň sanynyň 19 adamdygyny aýdýar.

2013-nji ýylyň iýul aýynda yslamçylar tarapyndan goldanýan prezident Muhammad Morsiniň harbylar tarapyndan häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň ýurtda bolan çaknyşyklarda ýüzlerçe adam wepat bolupdy, müňlerçe adam ýaralanypdy. Geçen aýda “Musulman doganlygy” terrorçy gurama, diýilip yglan edilen soň ýurtda protestler has güýçlendi. Häkimiýetler şu aýda täze konstitusiýa boýunça ses berişlik geçirmäge taýýarlanýarlar.
XS
SM
MD
LG