Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: ýene 3 kürt deputaty azat ediler


Türk sudy bikanun PPK, Kürt işçiler partiýasy bilen ilteşiklilikde güman edilen üç kürt deputatyny türmeden boşatmak barada karar çykardy.

Diýarbekir şäher sudunyň şenbe güni çykaran karary anna güni iki kürt deputatynyň azat edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şenbe güni boşadylmaly edilen üç deputat kürt Parahatçylyk we demokratiýa partiýasyndan Selma Irmakand, Faýsal Saryýyldyz we garaşsyz deputat Kemal Aktaş.

Sud olaryň haçan azat edilmelidigini aýtmady. Bu karar Türkiýäniň Konstitusiýa sudy bu adamlaryň tussag edilmegi olaryň saýlanan resmiler hökmündäki hukuklaryny bozýar diýip karar çykarandan soň çykaryldy.

Bu bäş deputat 2010-njy ýylda, soňky 28 ýylda separatistiki pitneçiligi ündän PKK bilen ilteşiklilikde güman edilip türmä basyldy.

Ankara we PKK martda atyşygy kesmek barada ylalaşyk gazandy.
XS
SM
MD
LG