Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan delegasiýasy Tährana bardy


Britaniýaly kanun çykaryjylaryň resmi topary Eýrana bardy. Bu Londonyň we Tähranyň arasynda 2011-nji ýylda diplomatik gatnaşyklar ýatyrylaly bäri ilkinji şeýle sapardyr.

Dört adamdan ybarat bu delegasiýa Britaniýanyň parlamentiniň agzasy Jak Straw baştutanlyk edýär. Straw soňky gezek Tährana 2003-nji ýylda daşary işler ministr bolan döwründe sapar edipdi. Britaniýa özüniň Tährandaky ilçihanasyny 2011-nji ýylda günbataryň Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly sanksiýalaryna garşy protest aksiýasy geçirilip, ilçihana hüjüm edilensoň ýapypdy.

Dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen Eýranyň Londondaky ilçihanasy hem ýapyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar prezident Hassan Rohaniniň awgust aýynda häkimiýet başyna geçmeginden soň gowulanyp başlady.

Britaniýa geçen ýylyň noýabr aýynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tähran bilen wagtlaýyn ylalaşyk barada gepleşik geçiren alty ýurduň biridir.
XS
SM
MD
LG