Paýtagtyň "Älem" kinotetarynyň golaýyndaky (10-njy harby gorodogyň ýanynda) keramatly Aleksandr Newskiý ybadathanasy Aşgabadyň iň köne binalarynyň biri. Onuň gurulan senesi barada takyk maglumatlar ýok. Emma 19-njy asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda gurulandygy baradaky tassyklanmadyk maglumatlar bar. Bu ybadathananyň ilkinji suraty 1896-njy ýyl bilen senelenilýär. Ilkibaşda bu ybadathanada onuň golaýynda ýerleşen rus goşunlarynyň galasyndaky harbylary ybadat edýän ekenler. 1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan soň ybadathana ýapylyp onda harby skladlar ýerleşdirilipdir. Bu ybadathana 1948-nji ýylyň ýertitremesinde bitin galan azsanly paýtagtyň binalarynyň biri. 1989-njy ýyla çenli bu ybadathana hereket etmeýärdi. Şol ýyldan bu ybadathanada ybadat edilip başlanypdyr. Bu ybadathana taryhy ýadygärlik hökmünde döwlet tarapyndan goralýar. Tbadathana 350 adama ybadat etmäge niýetlenen.
Keramatly Newskiý kilisesi

1
Ybadathananyň altary

2
Rewolýüsiýada ybadathananyň jaýlary döwülen soň 1990-nji ýylda täzesi goýulupdyr

3
Ybadathanada Ynam, Umyt we Söýginiň ikonasy

4
Keramatly adamlaryň bir bölejigi bolan lares