Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: Çagalaryň 10%-ti musulman


Britaniýada 2011-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwyna degişli soňky maglumatlarda Angliýada we Walesde ýaş çagalaryň 10%-tiniň musulmanlardygy aýdylýar.

Milli statistika edarasynyň anna güni ýaýradan maglumatyna görä, bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň 9.1% musulman çagalardygy anyklanypdyr. Bu bolsa umumy ilat sanyna garanda uly ýaşly musulmanlaryň sanyndan iki esse artykmaç. Sanlara görä, Angliýada we Walesde ýaşy 85-den aşan adamlaryň arasynda 200 adamdan diňe biri musulman.

“The Times” gazeti Oksford uniwersitetinden demografiýa boýunça professor Dawid Kolemanyň sözünden sitata getirýär. Koleman “Pakistandan, Bangladeşden we Hindistandan dowam edýän immigrasiýanyň üstüne Afrika ýurtlaryndan we Ýakyn Gündogardan hem täze immigrasiýa goşuldy” diýip belleýär.
XS
SM
MD
LG