Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Soçide “terror ähtimallygyny” duýdurýar


ABŞ-nyň Döwlet departamenti anna güni amerikanlara duýduryş berip, Soçide geçiriljek olimpiýa oýunlarynda terrorçylyk howpunyň bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da bu beýannamada amerikan raýatlaryna gönükdirilen takyk howp barada maglumatyň ýokdugy habar berildi.

Döwlet departamenti amerikanlaryň olimpiýa oýunlarynyň dowamynda öz şahsy howpsuzlygy bilen baglylykda hüşgär bolmagyna çagyrdy. Maglumatda maýda jenaýatçylyklaryň bolmagynyň, kämil medisina kömeginiň berilmezliginiň we myhmanhanalaryň ýetmezçilik etmeginiň ähtimaldygy barada duýduryldy.
XS
SM
MD
LG