Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ramadi: Ilat iş ýerlerine dolanýar


Yragyň Ramadi şäherinde hökümet işgärleri berk gözegçilik asynda iş ýerlerine dolandylar. Emma muňa garamazdan hem, söweşijiler şäheriň käbir böleklerini öz kontrollygynda saklamagy dowam etdirýärler.

“Al-Kaýda” bilen ilteşikli topar geçen hepde Ramadi we Fallujah şäherleriniň ençeme bölegini öz gözegçiligine geçiripdiler. Netijede polisiýa we ýerli tire-taýpalar olara garşy göreşip başladylar.

Saglygy saklaýyş boýunça ýerli resminiň beren maglumatyna görä, geçen iki hepdäniň dowamynda sebitde 60-dan gowrak adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG