Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kliçko sanksiýalara çagyrýar


Ukrainanyň oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko ýewropa resmilerine ýüzlenip, prezident Wiktor Ýanukowiçiň hökümetiniň agzalaryna garşy sanksiýalary girizmäge çagyryş etdi.

Boks boýunça ozalky çempion bu beýanatyny anna güni polisiýanyň Kiýewdäki protestçiler bilen çaknyşygyndan soň etdi. Sud binasynyň daşynda bolan çaknyşyklarda azyndan 10 adam, şol sanda ýurduň ozalky içeri işler ministri Ýuriý Lutsenko hem ýaralandy.

Içeri işler ministrligi 20 ofisere şikesiň ýetendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG