Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Geçiş ýadro ylalaşygy güýje girer


Eýran, Arakdaky Agyr suw zawody.
Eýran, Arakdaky Agyr suw zawody.
Eýran we dünýä döwletleri özleriniň geçiş ýadro ylalaşygyny 20-nji ýanwardan durmuşa geçirip başlamak barada ylalaşyk gazandylar.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Aragçi ýekşenbe güni 9-njy we 10-njy ýanwarda Ženewada Ýewropa Bileleşigi bilen Eýranyň resmileriniň arasynda bolan gepleşiklerden soň gelnen ylalaşygy yglan etdi:

"Biz bilen 5+1 ýurtlarynyň arasynda bilelikdäki hereket planynyň birinji tapgyryny amala aşyrmagyň metody, Ženewa şertnamasy diýip bilinýän ylalaşyk jemlenildi. Iki tarap bu şertnamany durmuşa geçirmek babatda bir pikire geldi. Hudaý halasa, Ženewa şertnamasynyň ilkinji tapgyry herekete girer we 20-nji ýanwardan başlanyp öňe süýşer.»

Bu ylalaşyk 2013-nji ýylyň noýabrynda Tähranyň ýadro programmasy bilen bagly uzaga çeken gapma-garşylyga hemişelik çözgüt tapmak niýeti bilen baglaşylan şertnamanyň bir bölegidir.

Günbatar hökümetleri Eýran gizlinlikde, parahatçylykly ýadro prograaamasy bahanasy bilen, ýadro ýaraglaryny edinmeklige synanýar diýip pikir edýär. Tähran bu aýdylýanlary ret edýär we öz ýadro programmasynyň tutuşlygyna parahatçylyk maksatlydygyny aýdýar.

Aragçi özüniň ýekşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton tarapyndan habarly edilendigini, 5+1 toparynyň 20-nji ýanwarda özleriniň geçiş şertnamasyny durmuşa geçirip başlamaga razy bolandygyny aýtdy.

Aşton Aragçiniň yglan eden habaryny ýazmaça beýanat bilen tassyk etdi we taraplaryň indi BMG-niň ýadro gözegçiliginden, Halkara atom energiýasy gullugyndan geçiş şertnamasyny tassyklamagy sorajakdygyny aýtdy.

24-nji noýabrdaky ýadro ylalaşygynda Eýran, Günbatar sanksiýalarynyň gowşadylmagynyň deregine, öz ýadro programmasynyň iň bir ynjyk ýadro işlerini jylawlamaga razy boldy.

Aragçi ýekşenbe güni geçiş ylalaşygynyň detallaryny suratlandyryp, Eýranyň döwlet telewideniýesinde şeýle diýdi:

"Eýranyň $4.2 milliardlyk nebit girdejisiniň öňündäki böwet aýrylar we beýleki tarapdan 20 prosent baýlaşdyrylan materialyň okside öwrülmegi ýa-da gowşadylmagy amala aşyrylar. Bu hereket biz tarapdan we beýlekisi olaryňky, bu işler alty aý möhlet içinde durmuşa geçiriler."

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bu ilerlemäni gutlady we özüniň hemme taraply ýadro ylalaşygyny baglaşmak ugrunda gepleşik geçirilýän mahaly täze sanksiýalary girizmek baradaky islendik kanuna weto goýjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG