Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistlere edilýän basyşlar ýazgarylýar


ABŞ-nyň habar serişdeleri Ýewromaýdan proestleri döwri žurnalistlere edilýän hüjümleri ýazgarýar. Ukrainada garaşsyz žurnalistlere, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň we ”Amerikanyň Sesiniň” žurnalistleriniň garşysyna amala aşyrylýan ýanamalaryň, gorkuzmalaryň we hüjümleriň Kiýewde geçirilen köpçülikleýin protestler döwründe depgini artdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy žurnalist Witaliý Portnikowa garşy gönükdirilen garalama kampaniýasy ony ynamdan gaçyrmaga we şol bir wagtyň özünde-de demokratiýanyň tarapdary “Ýewromaýdan” hereketini gowşatmaga niýetlenen çäredir diýip habar berýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Kewin Kloz “Bu ýerde sowet döwrüniň iň bir ýazgarylmaga mynasyp taktikalaryny ýatladýan professional, garaşsyz žurnalistleri abraýdan gaçyrmak üçin guramalaşdyrylan tagallalar edilýär” diýdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy garaşsyz halkara habar guramasydyr. Onuň žurnalistleri erkin metbugatyň gadagan edilen ýa-da söz azatlygy çäklendirilen 21 döwletiniň ilatyna erkin habarlary ýetirýär.
XS
SM
MD
LG