Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Hüjümde 21 adam heläk boldy


Owgan resmileri anna güni Kabulda restorana edilen hüjüm zerarly heläk bolanlaryň sanynyň 21 adama ýetendigini habar berdiler. Bu barada Kabulyň polisiýasynyň metbugat-wekili Haşmatullah Stankizai AÝ/AR-nyň owgan gullugyna aýtdy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, helak bolanlaryň arasynda Halkara walýuta fondunyň Owganystandaky wekilleri we BMG-niň işgärleri bolupdyr.

Kabulyň merkezindäki Wazir Akbar Han etrabynda ýerleşýän restorana edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy. Owgan polisiýasy janyndan geçen hüjümçiniň restoranyň girelgesinde özüni partladandygyny iki sany ýaragly adamyň bolsa içeri girip nahar iýýän adamlary oka tutandygyny habar berdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi we parahat raýatlara edilen bu hüjümi “halkara gumanitar kanunlarynyň ýolberilmesiz basgylanmagy” diýip atlandyrdy.

“Talybanyň” metbugat wekili bu hüjümiň şu hepdede Parwan welaýatynda howadan edilen hüjümde parahat ýaşaýjylaryň ölümi üçin ar alyşdygyny Twitter arkaly mälim etdi.
XS
SM
MD
LG