Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Oppozision dalaşgäriň bank hasaby doňduryldy


Türkiýäniň bank ýolbaşçylary Stambulyň häkimi wezipesine oppozisiýa tarapyndan dalaş edýän Mustafa Sarygüle degişli bank hasaplary doňdurdylar.

Hasaplaryň doňdurylandygy barada Depozit pul hasaplarynyň ätiýaçlyk fondy anna güni yglan etdi we bu çäräniň Sarygüliň we onuň sekiz sany biznes partnýorynyň 1998-nji ýylda alan, emma gaýtaryp bermedik 3.5 million dollarlyk karzynyň hasabyna amala aşyrylandygyny aýtdy.

“Respublikan halk partiýasynyň” dalaşgäri hökmünde mart aýynda geçiriljek saýlawlara gatnaşmakçy bolýan Sarygül häzir häkimiýet başyndaky “Adalat we ösüş” partiýasynyň dalaşgäri Kadi Topbasyň esasy bäsdeşi hasaplanýar.

Sarygül bank hasaplarynyň tussag edilmegini syýasy “prowokasiýa” diýip atlandyrdy. Bu waka “Adalat we ösüş” partiýasynyň ýokary derejeli agzalarynyň korrupsiýa bilen baglanyşygy boýunça derňewleriň geçirilýän döwrüne gabat geldi. Bu derňewler bilen baglylykda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan dekabr aýynda hökümetiň 10 agzasyny wezipesinden boşadypdy.
XS
SM
MD
LG