Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 20 esger öldürildi


Pakistanda ýekşenbe güni esgerlere hüjüm edildi.

Pakistan resmileri Demirgazyk Waziristan sebitindäki Bannu şäherinde ýerleşýän harby bazada bolan partlamada azyndan 20 esgeriň öldürilendigini, 30 esgeriň bolsa ýaralanandygyny aýtdylar.

«Talyban» topary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, olaryň ýene köpeldiljegini wada berdi. Bu partlama nämäniň sebäp bolandygy aýdyň bolmady.

AP habar gullugy, polisiýa resmisine salgylanyp, harbylaşdyrylan serhet korpusy tarapyndan hakyna tutulan ulagda bomba goýlandygyny habar berdi.

Emma «Roýters» habar gullugy, beýleki resmilere salgylanyp, bu partlamanyň ýol ýakasynda gömlen bomba sebäpli bolandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG