Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýrutda bomba partlamasy boldy


Beýrutyň günorta böleklerinde bomba partlamasy boldy. Bu liwanly şaýylaryň “Hazballah” toparynyň ýerleşýän ýeri hasaplanýar.

Liwanyň resmi habar agentligine görä, azyndan iki adamyň ölümine sebäp bolan partlamany janyndan geçen ulag sürüji amala aşyrypdyr. Internetde ýerleşdirilende wideoda awtoulagyň partlandygy we köp ýaşaýjyly ýerde jaýyň oda gaplanandygy görkezildi. 20-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Liwanyň dürli dini toparlarynyň arasyndaky dartgynlylyk goňşy Siriýadaky konfliktiň güýçlenmegi bilen barha artýar.

“Hizballah” Siriýada prezident Başar Al-Assadyň tarapynda esasan sünni gozgalaňçylaryň garşysyna söweşýär. Sişenbe günki partlamanyň bolan ýerinde şu aýyň başynda bäş adamyň ölümine sebäp bolan awtoulaga goýlan bomba partlamasy amala aşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG