Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Yslamçy lider öldürildi


Öňümizdäki aý Soçide geçiriljek gyşky olimpiadalaryň öňüsyrasynda Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz sebitinde yslamçy söweşijileriň ýokary derejeli wekili öldürildi. Bu barada gürrüňi edilýän sebitiň polisiýasy habar berýär.
Russiýanyň Terrorçylyga garşy göreşýän milli komitetiniň berýän maglumatyna görä, Eldar Magatow sişenbe güni Dagystanda howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasynda bolan ok atyşykda öldürilipdir. Maglumatlarda Magatowyň Dagystanyň Babýurt etrabyndaky söweşiji toparyň lideridigi aýdylýar.
Bu aralykda Russiýanyň resmileri “gara dullar” diýip güman edilýän dört aýalyň adyny agzadylar. Olaryň Soçi Olimpiýa oýunlarynda ýa-da onuň golaýynda terroristik hüjümleri planlaşdyrandygy çaklanylýar.
Olaryň üç sanysynyň, ýagny Ruzanna Ibragimowanyň, Zaira Alliýewanyň we Jannet Tşahaýewanyň Dagystandandygy we dördünjisiniň, ýagny Oksana Aslanowanyň bolsa Türkmenistandandygy barada maglumat berilýär.
Bu aýallaryň “gara dullar” diýip atlandyrylmagynyň sebäbi, olaryň ählisiniň adamsy yslamçy söweşiji diýlip güman edilip, Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Demirgazyk Kawkazda öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG