Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada ýitgileriň bardygy aýdylýar


Ukrainanyň Baş prokuraturasy ýurtdaky durnuksyzlykda iki adamyň ýaragdan ot açylyp ýaralanmagy netijesinde ölendigini tassyklandan soň, ukrain polisiýasy hökümete garşy protestçileri we barrikadalary dargatmak üçin tagallalaryny güýçlendirdi.
Çaknyşyklarda ölen iki sany adam Ukrainada mundan iki aý ozal başlan hökümete garşy protestlerden bäri ýurtdaky ýowuzlyklarda heläk bolan ilkinji adamlardyr.
Aktiwistleriň aýtmagyna görä, adamlaryň azyndan biri polisiýa tarapyndan ot açylyp öldürilipdir. Ýöne bu maglumat tassyklanylmady.
Ukrainanyň premýer-ministri Mikola Azarow durnuksyzlygyň bolýan sebitindäki polisiýa ofiserlerinde okly ýaraglaryň ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG